Sepleriň elýeterliligi

Pakistan amerikan diplomatynyň işi boýunça sud diňlenişigini geçirdi


Sişenbe güni Pakistanyň Lahor şäheriniň sudy Birleşen Ştatlaryň diplomaty Reýmond Deýwisiň işi boýunça nobatdaky gezek sud diňlenişigini geçirdi.

Birleşen Ştatlaryň Merkezi razwedka agentliginiň ştatdan daşary işgäri hasaplanylýan Reýmond Deýwis Pakistanyň iki sany raýatyny öldürmekde aýyplanylýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary R.Deýwisiň diplomatik eldegrilmesizlik hukugynyň bardygyny aýdyp, şol esasda-da onuň tussaglykdan boşadylmagyna aýak direýär.

Reýmond Deýwisiň aklawçysynyň haýyşy boýunça düýn sud diňlenişigi geljek hepdäniň çarşenbe gününe geçirildi.

Reýmond Deýwisiň tussag edilmegi bilen baglanyşykly dawalar soňky günler Pakistan bilen Birleşen Ştatlaryň gatnaşyklarynyň belli bir derejede dartgynlaşmagyna getirdi.
XS
SM
MD
LG