Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa: şazada Endrýu tankyt astynda


Şazada Endrýu Albert Kristian Eduard
Şazada Endrýu Albert Kristian Eduard
Britaniýada patyşalyk maşgalanyň agzalary ýurduň abraýyna abraý goşar diýlip garaşylsa-da, şazada Endrýu Albert Kristian Eduardyň soňky wagtlarda tankytdan gözi açylanok. Munuň sebäbi hem onuň ýurduň daşary söwda wekili hökmünde gümürtik adamlar bilen ýakyn gatnaşyk saklaýanlygy.

Şazadanyň çagalary jynsy gatnaşyk üçin ulanandygy sud tarapyndan subut edilip, türmä düşen bir amarikaly milliarder bilen dostlugy, dünýäniň diktator hem korrumpirlenen režimleri bilen ilteşigi barada üsti açylýan faktlar köpeldigiçe, onuň ýagdaýa dogry baha bermek başarnygyny we daşary söwdada ýurda wekilçilik etmäge ukybyny sorag astyna alýanlaryň sany artýar.

Öten hepde “The Daily Mail” gazeti 5 ýylyň içinde Azerbaýjana iň azyndan 7 gezek sapar eden şazada Endrýu prezident Ylham Aliýew bilen “ýakyn dost” diýip ýazdy. Bu saparlaryň azyndan ikisiniň hususy sapardygy aýdylýar. Bu hem onuň özüniň Azerbaýjanda şahsy söwda bähbitleri bar diýen çaklamalara getirdi.

Bukingem köşgi bolsa bu tankytlary inkär edip, hökümetiň ýurduň daşary söwda we maýa goýum boýunça ýörite wekili hökmünde şazadadan Britaniýa üçin söwda gatnaşygyny etmek peýdaly diýlip hasaplanýan ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmegi soralandygyny we Azerbaýjanyň hem hut şeýle ýurtlaryň biridigini aýdýar.

Tom Porteous “Human Rights Watch” guramasynyň Londondaky edarasynyň direktory. Onuň pikiriçe, bu işlerde şazada Endrýuwyň bir özüniň tankytlanmagy adalatly däl. Porteous: “Bu işe hakyky jogapkär britan hökümeti. Sebäbi şazada Endrýu özüne aýdylan işi edýär. Onuň işi bütin dünýä aýlanyp, Britaniýa üçin söwda mümkinçiliklerine ýol açmak. Eger ol korrupsiýada, adam hukuklaryny bozmakda tanalýan ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen iş salyşýan bolsa, mundan britan hökümeti habarlydyr. Bu meselede ozaly bilen hökümetiň özi bir iş etmeli” diýýär.

Türkmenistan we Gazagystan


“The Guardian” gazeti şazada Endrýuwyň öten aprelde türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşandygyny habar berdi. Türkmenistan hem dünýäde iň bir ýapyk we korrumpirlenen ýurtlaryň biri hasaplanýar. Şazada bu duşuşygyň energiýa meselesi barada pikir alyşmak üçin britan hökümetiniň haýyşy boýunça geçirilendigini aýdýar.

Tom Maýn korrupsiýa garşy göreş alyp barýan “Global witness” toparynyň işgäri. Ol: “Şazada Endrýu bu duşuşykda korrupsiýa ýaly möhüm meseleleri agzan bolsady, onda bu oňaýly iş bolardy” diýýär.

“Gynansak-da, mysal üçin, Amerikanyň gizlin diplomatik hatlarynda aýdylyşy ýaly, şazada Endrýu korrupsiýa meselesini çynlakaý zat hasap edenok. Türkmenistana dünýäniň iň bir korrumpirlenen ýurdy diýip garalýar. Bu ýurt öz býujetini bolmalysy ýaly neşir edenok. Ol ýerde ýurda gazdan gelýän pullaryň nirä gidýänligi barada gaty az maglumat berilýär. Şazada Endrýu söwdany ösdürjek bolsa, bu meseleleri agzamak onuň borjy” diýip, Maýn nygtaýar.

Şazadanyň Gazagystan bilen gatnaşygy hem ol öz mülkini (Sanninghill Park) Nazarbarýewiň giýewisi Timur Kulibaýewe aşa ýokary bahadan satansoň, jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekdi.

“Gazagystan korrupsiýadan gaty köp ejir çeken ýurt. 1990-njy ýyllarda prezidentiň özi korrupsiýa galmagalyny başdan geçirdi. Aýdylyşyna görä, Timur Kulibaýew barada hem, onuň pul ýuwanlygy güman edilip, Şweýsariýada derňew işleri barýar. Jenap Kulibaýew we onuň Gazagystanda söwda sektoryna näderejede kontrollyk edýänligi barada gaty köp sorag bar” diýip, Maýn belleýär.
XS
SM
MD
LG