Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow gündogar aziýaly ilçiler bilen duşuşdy


Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň we Günorta Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri bilen aýry-aýrylykda duşuşyk geçirdi.

Bu duşuşyklarda türkmen prezidenti Türkmenistandaky öz diplomatik missiýalaryny tamamlaýan Hytaý Halk Respublikasynyň ilçisi U Hunbin hem-de Koreýa Respublikasynyň ilçisi Kim Çong Ýul bilen özara hyzmatdaşlyklaryň dürli ugurlary barada pikir alyşdy.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi bu duşuşykda prezident Berdimuhamedowyň bu iki ýurt bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň soňky wagtlar oňyn ösüşleri görkezýändigini belländigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG