Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Azerbaýjanyň hökümetini tankytlap, beýanat ýaýratdy


Penşenbe güni Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Azerbaýjanyň häkimiýetlerini Ýewropa Sudunyň çykaran kararyny äsgermezlik etmekde we oppozision žurnalist Eýnulla Fatullaýewi tussaglykdan boşatmazlykda tankytlap beýanat ýaýratdy.

ÝHHG guramasynyň media azatlygy boýunça wekili Dunja Mijatowiç bu barada ýaýradan beýanatynda Azerbaýjanyň häkimiýetleriniň diňe bir ynsan hukuklary boýunça Ýewropa Sudunyň kararyny ýerine ýetirmezlik bilen hem çäklenmän, eýsem žurnalist Eýnulla Fatullaýewe uly basyş görkezmeklerini-de dowam etdirýändiklerini belläpdir.

2007-nji ýylda tussag edilen Eýnulla Fatullaýewe başda ýurduň häkimiýetleriniň şahsyýete ýalan töhmet atmak we terrorçylyk bilen meşgullanmak ýaly işlerde aýyplama bildirendiklerine garamazdan, birneme soňra häkimiýetler bu aýyplamalary ýatyryp, oňa neşe maddalaryny saklamak jenaýatçylygynda aýyplama bildirdiler.
XS
SM
MD
LG