Sepleriň elýeterliligi

Marokkodaky protestler dagadylanda onlarça adam ýaralandy


Ýekşenbe güni Marokkonyň Kasablanka şäherinde oppozisiýanyň protestleri dargadylanda onlarça adam ýaralandy.

Demonstrasiýa çykanlaryň habaryna görä, polisiýa olara garşy dürre ulanypdyr.

Oppozisiýa öz protestleriniň asuda häsiýetli bolandygyny aýdýar. Olar demokratik reformany talap etdiler.

Ýakynda Marokkonyň patyşasy Muhammet baş kanuna goşmaçalar girizmek boýunça işlejek ýörite komitetiň düzülýändigini yglan etdi.

Habarlara görä, şol goşmaçalara saýlanýan çinownikleriň ygtyýarlyklaryny köpeltmek we sudlaryň garaşsyzlygyny berkitmek hem girýär.
XS
SM
MD
LG