Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda öňki sowet respublikalaryndan 3 adam tussag edildi


Owganystanyň aňtaw gullugynyň beren habaryna görä, ýakynda olar öňki sowet respublikalaryndan bolan 3 adamy tussag edipdirler. Olara terrorçylykly hereketlere gatnaşmakda we gadagan edilen “Özbegistanyň Yslam hereketi” atly toparyň agzasy bolmakda şübhe bildirilýär.

Owgan aňtaw gullugynyň metbugat wekili Maşalyň sözlerine görä, tutulanlaryň biri gyrgyzystanly we ikisi ukrainaly. Olar dürli operasiýalarda ele salyndy.

Maşalyň sözlerine görä, Host welaýatynda tussag edilen gyrgyzystanly sorag edilende öz jenaýatlaryny boýun alypdyr.

Gyrgyzystanly geçen 18 aýyň dowamynda iki dogany bilen “Özbegistanyň Yslam hereketi” toparynyň Pakistanyň Weziristan welaýatyndaky lagerinde bolupdyr.
XS
SM
MD
LG