Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow telekeçileri gurluşyk bilen meşgullanmaga çagyrdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli telekeçileri gurluşyk işleri bilen has aktiw meşgullanmaga çagyrdy.

“Bu türkmen telekeçiliginiň geljegi uly bolan ugurlarynyň biri” diýip, prezident penşenbe güni Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň Aşgabatda açylan sergisine gatnaşyjylara ýüzlenmesinde aýtdy.

Prezident türkmen telekeçilerine ýurtdaky iri gurluşyklara gatnaşmagy teklip etdi we munuň gurluşyk materiýallaryny öndürýän kiçi önümçilige ýol açjakdygyny belledi.

Penşenbe güni Aşgabatda açylan sergide azyk senagatynda we hyzmat ediş boýunça işleýän 130 çemesi hususy kärhana öz önümlerini görkezýär.

Sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň döredilmeginiň üç ýyllygyna bagyşlanyp gurnaldy.
XS
SM
MD
LG