Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB ýene 19 belarus çinownigine gadaganlyk girizdi


Ýewrobileleşik Geçen ýylyň 19-njy dekabrynda Belarusda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň oppozisiýanyň yzarlanmagy bilen bagly Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna gelmegi gadagan edilýän belarus çinownikleriniň sanawy giňeltdi.

“Biz ÝB-e girmegi gadagan edýän sanawa ýene-de belarus çinownikleriniň 19-syny goşduk, olaryň arasynda sudýalar, prokurorlar, uniwersitetleriň rektorlary bar. Olaryň ýakynda bolan proseslere we studentleriň yzarlanmalaryna gös-göni gatnaşygy bar. Olaryň banklardaky aktiwleri doňdurylýar. Belarusdaky ýagdaýyň ösüşine baglylykda ähli ugurlar boýunça gatnaşyklarymyzda mundan beýläkki çärelere seretmäge biz taýýar” diýip, Brýusselde bolan metbugat-konferensiýada ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýokary derejeli wekili Katerin Aşton aýtdy.
XS
SM
MD
LG