Sepleriň elýeterliligi

Fukuşima AES-de ak tüsse hem bug peýda boldy


Ýaponiýanyň “Fukusimo-Daici” AES-da zeper ýeten reaktorlaryň depesinde ak tüsse hem bug peýda boldy.

Ýerli köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatyna görä, bu ýerde gürrüň ikinji we üçünji energobloklar barasynda barýar.

AES-i sowatmak hem energiýa bermesini dikeltmek üçin deniz suwuny guýmak işi ýene-de togtadylypdyr.

Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň baştutany Ýukiýa Amano “Fukusimo-Daiçi” AES-de ýagdaýyň juda çylşyrym bolup galýandygyny, ýöne krizisiň ýeňlip geçiljegine ynanýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG