Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: "Kaddafiniň häkimiýetden çekilmegi syýasy zerurlyk”


“Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň häkimiýetden çekilmegi syýasy zerurlyk” diýip, duşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama aýtdy.

Çiliniň paýtagty Santýagoda geçirilen metbugat-konferensiýada çykyş edip, Obama: “Şol syýasy maksada ýetmek üçin harby tagallalaryň üstesine Waşingtonda başga-da gurallar bar” diýdi.

“Kaddafiniň gitmegini gazanmak - biziň syýasatymyz. Hut şeýle syýasaty goldamak üçin harby tagallalarymyzyň üstüne goşar ýaly serişdeler toplumy bizde bar” diýip, amerikan prezidenti aýtdy.

ABŞ we Latyn amerikasy ýurtlary partnýorlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaly diýip, Barak Obama hasap edýär.

Ol bu ýerde eden çykyşynda howpsuzlyk hem mundan beýläkki ösüş nukdaý nazaryndan Latyn Amerikasy Waşington üçin adatdan daşary möhüm diýdi.

Ak Tamyň baştutany şeýle-de regionyň ýurtlarynyň halkara arenasynda has möhüm rol oýnamalydygyny belledi.

Kaddafiniň goşunlary gozgalaňçylaryň daýanç nokady bolan Bengazi şäheriniň gündogaryndaky pozisiýalaryndan yza çekilýär diýip, amerikan harbylary habar berdi.
XS
SM
MD
LG