Sepleriň elýeterliligi

ÝB Siriýanyň häkimiýetleriniň hereketlerini ýazgardy


Ýewropa Bileleşigi Damaskdan günortada ýerleşýän Deraa şäherinde oppozisiýanyň protestlerini Siriýanyň häkimiýetleriniň güýç bilen basyp ýatyrmasyny üzül-kesil ýazgardy.

Geçen hepde şu şäherde bolan çaknyşyklarda bärsinden 6 demonstrasiýaçy heläk bolupdy. Howpsuzlyk güýçleriniň adamlary oka tutandygy habar berilýär.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýokary derejeli wekili Katerin Aşton Siriýanyň häkimiýetleriniň hereketlerini “kabul ederlik däl” diýip atlandyrdy we ýurtda reformalara aýak direýän oppozisiýa bilen gepleşiklere başlamaga çagyrdy.

Sişenbe güni Deraada hem beýleki ençeme şäherde prezident Başar al-Asadyň syýasatyna garşy protest ýörişleri geçirildi.
XS
SM
MD
LG