Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bin Laden öldi, emma uruş dowam edýär


“Talibany” goldaýan “Jamiat Ulema-i-Islam-Nazarýati” (JUI-N) partiýasynyň tarapdarlary Kuettadaky protestler mahalynda ABŞ-a garşy şygarlary gygyrýarlar, Pakistan, 2011-nji ýylyň 2-nji maýy.
“Talibany” goldaýan “Jamiat Ulema-i-Islam-Nazarýati” (JUI-N) partiýasynyň tarapdarlary Kuettadaky protestler mahalynda ABŞ-a garşy şygarlary gygyrýarlar, Pakistan, 2011-nji ýylyň 2-nji maýy.

Dünýäniň käbir böleklerinde Osama bin Ladeniň ölümine begenýärler. Emma bu habara begenmeýänler hem az däl, olar Bin Ladeniň ölümi bilen “Al-Kaýdanyň” arkasynda duran güýçleriň ýok bolmajagyna we döredýän howplarynyň gowşamajagyna düşünýärler.


Osama bin Laden öldürildi. Müňlerçe bigünä adamyň ölümine sebäp bolan we millionlarça adamyň kalbynda gorky duýgusyny ornaşdyran adam ýok edildi. Ýöne onuň başlan urşy dowam edýär, döreden ideýalary öz güýjünde galýar.

Şol bir wagtyň özünde-de Osama bin Laden “Al-Kaýdany” dolandyrmakda we öz ideýalaryny durmuşa geçirmekde özboluşlylygy we täsirliligi bilen tapawutlanan ýolbaşçydy, şonuň üçin onuň ölumi bilen halkara terrorçylaryň alyp barýan jyhad urşunyň badynyň gowşamagyna käbir umytlar bar. Emma, gynansak-da, bilermenler şeýle umytlar üçin esaslaryň örän ujypsyzdygyny aýdýarlar.

Waşingtonda ýerleşýan Daşary ýurtlar boýunça geňeşiň baş ylmy işgäri Ed Husseýn oz ýaşlygynda radikal yslamçy topara agza bolupdy. Ol “Al-Kaýdanyň” ideologiýasynyň esaslaryndan hem habarly.

Husseýn Bin Ladeniň ölüminiň terrorçylar üçin uly zarba bolanlygyny belleýär. Emma ol bu wakanyň “Al-Kaýdanyň” öňünde duran esasy maksatlara, ýagny onuň Günbatara tarap çürt-kesik garşy durmak we halyfat döretmek ýaly öz öňünde goýýan maksatlaryna täsir ýetirmejegini belleýär.

Ideologiýa

Husseýniň pikiriçe, “Al-Kaýda” müsürli Aýman al-Zawahiriniň ýolbaşçylyk edip-etmezligi-de umumy ýagdaýa uly bir täsir ýetirip bilmez. “Eger Aýman al-Zawahiri hem öldürilse, men munuň hut şeýle boljagyna ynanýaryn, bu-da “Al-Kaýdany” ukypsyz edip bilmez. Sebäbi “Al-Kaýda” belli bir ideýa esaslanýar. “Al-Kaýda” – ideologiýa. Ol – garşylyk görkeziji hereketdir. Şonuň üçin oňa kimiň ýolbaşçylyk edýänliginiň ullakan bir ähmiýeti ýok” diýip, Ed Husseýn aýtdy.

Dünýäde köp adam Bin Ladeniň ölümine begenýär.

Bin Ladeniň ölümini terrorçylaryň başga bir lideri Juma Namanganiniň ölümi bilen bagly waka bilen deňeşdirip bolar. 2001-nji ýylda öldürilen Juma Namangani Merkezi Aziýanyň terrorçy topary bolan “Özbegistanyň Yslam hereketine” ýolbaşçylyk edipdi. Namangani Owganystanda “Talibana” garşy urşuň başynda amerikan güýçleri tarapyndan öldürilensoň, onuň terroçy topary dargap başlapdy. Emma şol wakadan on ýyl geçensoň, “Özbegistanyň Yslam hereketi” we onuň bölümleri Pakistan, Demirgazyk Owganystan we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky uly bir giňişlige ýaýrap, aktiw hereket edýärler.

“Al-Kaýdanyň” agzalarynyň wepasy

Şeýlelikde “Al-Kaýdanyň” agzalary öz lideriniň ideologiýasyny dowam etdirmek kararyna gelen ýagdaýynda bu guramanyň täze hüjümlere baş goşmagyna hiç hili päsgelçilik ýok.

ABŞ-da Bill Klintonyň prezident bolan döwründe Pentagonyň guramaçylykly jenaýatçylyk we terrorçylyk boýunça bölümine ýolbaşçylyk eden Braýan Şeridanyň pikirine görä, “Al-Kaýda” ýaly hereketlere garşy göreş amerikan mafiýasyna garşy göreşi ýada salýar. Şeridanyň sözlerine görä, Bin Ladeniň ölümi netijesinde “Al-Kaýda” zarba bolup biljek ýeke-täk zat – “Al-Kaýda” toparynyň arap dünýäsindäki täsiriniň gowşamagydyr.

Ýakynda syýasy öwrülişikleri başdan geçiren arap döwletleriniň terrorçylaryň täsiri astyna düşmänligini muňa subutnama hökmünde getirmek mümkin.

Täze Amerikan howpsuzlygy atly merkezden terrorçylyga garşy göreş boýunça bilermen Endrýu Eksum radikal yslamyň güýçli täsiri astyndaky arap dilli döwletlerde hiç kimiň “Al-Kaýda” tarap öwrülmänligini belledi. Onuň pikirine görä, şeýlelikde bu arap dilli dünýäde “Al-Kaýdadan” ýüz öwrülýänligini görkezýär.

Şol bir wagtda-da bilermenler dünýäde terrorçy toparlaryň döredýän howplarynyň güýçli bolup galýanlygyny duýdurýarlar.
XS
SM
MD
LG