Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: NATO-nyň hüjüminde 5 adam öldi


Owgan polisiýasy NATO-nyň howa hüjümi netijesinde azyndan 5 adamyň heläk bolandygyny habar berdi.

Heläk bolanlaryň hemmesi howpsuzlygy üpjün edýän firmanyň işgärleri eken. Olar dürli ýükleri daşaýan awtokerwenleriň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen meşgullanýardylar.

NATO özüniň howa hüjümini amala aşyrandygyny tassyklady.

NATO-nyň resmileri bu hüjüme pyýada goşunlardan gelen maglumat esasynda başlandyklaryny mälim etdiler.

Bu waka bilen bagly derňewiň geçirilýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG