Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanda hukuk goraýjy aktiwist tussag edildi


Azerbaýjanda hukuk goraýjy aktiwist Widat Iskanderowa garşy jenaýat işi gozgaldy. Ol 2010-njy ýylda ýurtda geçirilen parlament saýlawlarynda saýlaw komissiýasynyň işine goşulyşmakda hem saýlawçylaryň öz erk-isleglerini erkin aýan etmeklerine päsgel bermekde aýyplanýar.

Bakuwyň Nasiminskiý raýonynyň sudy Iskanderowy 2 aý türme tussaglygyna höküm etdi.

Hukuk goraýjy aktiwistiň aklawçysy Akif Alizade bu aýyplamalaryň esassyzdygyny aýdýar. Onuň pikiriçe, hukuk goraýjy aktiwiste garşy jenaýat işiniň gozgalmagyna Iskanderowyň syýasy aktiwligi sebäp bolupdyr.

Iskanderow oppozisiýanyň gurnamagynda geçirilen mitinglere gatnaşandygy üçin, soňky bir aýyň dowamynda iki gezek gysga möhletleýin tussaglyga höküm edildi.

Geçen ýylky parlament saýlawlaryndan soň Widat Iskanderow saýlawlarda ýüze çykan galplyklary subut edýan wideo ýazgyny köpçülige ýaýradypdyr.
XS
SM
MD
LG