Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bin Ladeniň öldürilmegi ýowuz sorag edişlikler boýunça diskussiýalary täzeden gün tertibine getirdi


Barak Obama 2009-njy ýylda Birleşen Ştatlaryň prezidenti bolanda Buş döwründe kabul edilen ýowuz sorag ediş usullaryny ýatyrypdy.
Barak Obama 2009-njy ýylda Birleşen Ştatlaryň prezidenti bolanda Buş döwründe kabul edilen ýowuz sorag ediş usullaryny ýatyrypdy.
Şu hepde “Al-Kaýda” terror toparynyň lideri Osama bin Ladeniň öldürilmegi Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklarynyň ýeňşi hökmünde häsiýetlendirildi.

Ýöne bu ýagdaý öňden bäri soralyp gelinýän soragy hem täzeden gün tertibine getirdi: Birleşen Ştatlar özüne zerur bolan maglumatlary almak üçin nä derejede öte hereket etmäge taýýar?

Bin Ladeniň ýok edilmeginiň ýowuz sorag etme görnüşlerini aklaýandygy baradaky pikirler hem öňe sürlüp başlandy. Şol usullardan 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky terroristik hüjümlerden soň peýdalanylyp başlanypdy. Emma sorag etmegiň şol ýowuz görnüşleri häzir ýatyryldy.

“Ýardam edendir”

ABŞ-nyň öňki wise-prezidenti Dik Çeneý
Birleşen Ştatlaryň harby deňiz güýçleriniň Bin Ladeniň Pakistanyň Abbottabat şäherindäki gizlenýän ýerine amala aşyran hüjüminden birnäçe sagat soň, ABŞ-nyň öňki wise-prezidenti Dik Çeneý çykyş edip, sorag etmegiň ýowuz görnüşleri ulanylmadyk bolsa, bu operasiýany hem amala aşyrmagyň mümkin bolmajakdygyny belledi.

"Men sorag etme görnüşlerini giňeltmegimiziň Bin Ladeniň ahyry ele geçirilmegine ýardam edendigini çaklaýaryn. Ýöne maňa birneme köpräk maglumat gerek. Meniň pikirimçe, öňümizdäki birnäçe günüň dowamynda nämeleriň bolup geçendigini we nähili amala aşyrylandygyny ählimiz bileris. Biz bu gazanan üstünligimize elten syýasatlara hem degişli orny bermeldiris” diýip, Çeneý nygtady.

Habar beriş serişdeleri 11-nji sentýabrdaky hüjümlerden soň, terrorist bolmagyndan gümän edilip, ýüzlerçe adamyň soraga çekilmegi bilen şu hepde amala aşyrylan operasiýanyň arasyndaky baglanşygy gurmaga synanyşdylar.

Birleşen Ştatlaryň resmileri tarapyndan Bin Ladeniň golaý ýaranlary diýlip tanadylan iki şahs - Halid Şeýh Mohammed we Abu Faraj Al-Libi - “Al-Kaýda” lideriniň ynamdar aragatnaşyk adamy barada maglumat beripdirler. Bu adamyň üsti bilen Bin Ladeniň gizlenýän ýeri anyklanypdyr.

Bu maglumatlary beren Mohammed bilen Al-Libiniň ikisi-de Amerikanyň Merkezi aňtaw gullugynyň ýurduň daşynda ýerleşdiren gizlin türmelerinde saklanypdyrlar. Bu ýerlerde sorag geçirýänler adaty kabul edilen sorag etme görnüşlerinden has erbet usullary ulanylypdyrlar. Bularyň arasynda izolýasiýada, ýekelikde uzak wagt saklamak, tussaglary stressli ýagdaýa getirmek, suwda bogmak ýaly ýowuz çäreler bar.

Jemgyýeti ikä böldi

Jorj Buşuň prezidentlik eden döwründe sorag etme görnüşleriniň giňeldilmegi amerikan jemgyýetini ikä böldi. Prezident Buşuň administrasiýasynyň sorag edişlikleri zor bilen geçirmegiň wyždany we täsirli bir karar bolandygy barada öňe süren delilleri ähli amerikanlary ynandyryp bilmedi.

Sorag etme görnüşleriniň giňeldelmegini kanunylaşdyrmak üçin, 2002-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň Adalat departamentiniň resmisi Jon Yu terroristler sorag edilenlerinde psihiki we fiziki gynamalary ulanmaga rugsat berýän goldanmalary ýazdy. Bulara “gynamalaryň el kitapçasy” diýlip, ýaňsylaýjy at hem dakylypdy.

Barak Obama 2009-njy ýylda Birleşen Ştatlaryň prezidenti bolanda Buş döwründe kabul edilen ýowuz sorag ediş usullaryny ýatyrypdy.

Şeýle-de, köpleriň pikirine görä, Mohammedden we Al-Libidan alnan maglumatlar bir bütewiligiň diňe ujypsyzja bölegi. 11-nji sentýabardaky terror hüjümlerinden 10 ýyl töweregi wagt geçenden soň, Bin Ladeniň gizlenen ýerini ýüze çykarmak bu sorag etmeleriň kanuny usullary we derňew işleri netijesinde başardypdyr.
XS
SM
MD
LG