Sepleriň elýeterliligi

Al-Assadyň režimine garşy protestler dowam edýär


Şu gün Siriýanyň paýtgaty Damaskda müňlerçe protestçiler ýene-de nobatdaky gezek ýurduň prezidenti Başar al-Assadyň režimine garşy protest bildirip, demonstrasiýa çykdylar.

Käbir şaýatlar şu gün Damaskyň eteginde ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň ýüzlerçe protestçilere garşy ok atandyklaryny habar berdiler. Ýöne bu wakada adam ýitgileriniň bolandygy ýa bolmandygy barada anyk maglumat alynmady.

Şu gün habar agentlikleri Damaskda Siriýanyň adam hukuklary boýunça gözegçi toparynyň başlygy, belli syýasy dissident Riýad Seýfiň hem tussag edilendigini habar berdiler.

Şu gün «Assoşieýted Press» habar agentligi Siriýanyň Homs şäherinde gurnalan demonstrasiýada bäş adamyň, Hama şäherinde-de bir adamyň öldürilendigini habar berdi.

Soňky günler Siriýanyň howpsuzlyk güýçleriniň parahat protestçilere garşy yzygiderli ok atmaklary netijesinde 560 töweregi adam öldi diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG