Sepleriň elýeterliligi

Köneürgenç - gadymy ýadygärlikleriň mekany


14-nji asyra degişli Törebeg hanymyň mawzoleýi

14-nji asyra degişli Törebeg hanymyň mawzoleýi

Medeni we taryhy ýadygärliklere örän baý Daşoguz topragyna syýahat etmek üçin daşary döwletlerdenem, Türkmenistanyň dürli künjeklerindenem gelýänleriň sany ýyl-ýyldan artýar.


Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň, 2005-nji ýylda Köneürgenç Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny gorap saklamak baradaky konwensiýanyň «Bütindünýä mirasy» sanawyna goşuldy. Ýadygärlikler toplumynyň bu sanawa goşulmagy onuň ajaýyp dünýä gymmatlygydygyny tassyklaýar we ol ähli adamzat üçin goralyp saklanmaga degişlidir diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.

Öňki Soýuzyň döwründe bu gymmatly ýadygärliklere o diýen üns berilmän gelindi.

Köneürgenjiň Akgala obasynyň ýaşaýjysy Dädebaý Öräýewiň aýtmagyna görä, Garaşsyzlyk ýyllary Türkmenistanda taryhy ýadygärliklere üns çekmäge-de, keramatly hasaplanýan ýerlere-de, türkmeniň däp-dessurlaryna-da giň ýol açyldy.

Ýaşuly nesliň tagallasy bilenem, döwletiň goldawy bilenem, asyrlardan-asyrlara keramatly hasaplanyp gelinýän, ýüz ýyllyklaryň taryhy syrlaryny özünde saklaýan taryhy ýadygärliklerde, gonamçylyklarda abatlaýyş işleri geçirilip başlandy.

Dini däp-dessurlara uýýan adamlar üçin gadagançylyk, yzarlanmak ýaly sowet döwrüniň nogsanlyklary aradan aýrylyp, dine gulluk etmek isleýän her bir türkmenistanly üçin obalarda, şäherlerde, gonamçylyklarda gurlan metjitler gapysyny açdy.

Şeýle metjitleriň biri Köneürgenjiň ýadygärlikler toplumynyň golaýynda hem guruldy. Bu ýere gelýänler üçin metjitde ähli amatlyklar döredilen. Aýallar we erkekler üçin aýratyn namaz otaglary bar. Bu zatlardan başga-da, ýatak jaýlar, aşhana, hammam ýaly zeruryýetler tämiz saklanyp, gije-gündiz bu ýere gelip- gidýänlere hyzmat edilýär.

Döwlet tarapyndan ýörite bellenen işgärler bu ýere gelýän zyýaratçylara-da, syýahatçylara-da ýadygärlikleriň döreýşi, geçmişi, şu güni barada gyzykly gürrüňler berýärler.



Bu ýerde ýerleşýän ýadygärlikler toplumyna 14-nji asyra degişli Törebeg hanymyň mawzoleýi, 1307-nji ýylda gurlan Seýit Ahmet piriň mawzoleýi, 12-nji asyrda gurlan Soltan Tekeşiň kitaphanasy, Alow piriň mawzoleýi, 1321-1336-njy ýyllar aralygynda Köneürgenjiň hökümdary bolan Gutlug Temuryň minarasy we başga-da birnäçe taryhy ýadigärlikler girýär.

Üstünden ençeme asyrlary geçiren bu taryhy ýadygärliklere ýel-ýagmyrdan ýeten zyýanlar öz tagmasyny goýupdyr.

2005-nji ýylda Köneürgenjiň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny gorap saklamak baradaky konwensiýanyň Bütindünýä sanawyna goşulmagy bilen, ýadygärlikler toplumynda abatlaýyş işleri geçirilip başlandy.

Gutlug Temuryň 64 metr beýiklikdäki minarasynyň takmynan 15 metr beýikligine çenli, Seýit Ahmet piriň, Alow piriň mawzoleýlerinde hem abatlaýyş işleri geçirilipdir.

Ýöne abatlaýyş işleriniň ýarpy ýolda taşlanan halatlary hem bolupdyr.

«Soltan Tekeşiň kitaphanasy» diýlip atlandyrylýan ymarata gezek gelende işler togtadylypdyr. Uzaklardan seleňläp görünýän mawzoleýiň kümmediniň daşyna aýlanan agaç basgançaklar güne-ýagna garalyp gidipdir. 4-5 ýyldan bäri ol ýerdäki gurluşyk işleri togtapdyr.

Törebeg hanymyň, Nejmeddin Kubranyň, Soltan Alynyň, Pirýar Weliniň mawzoleýleri örän gözgyny ýagdaýda. Dogry, ol ýerler örän arassa saklanýar. Ýöne arassaçylyk üçinem, tertip-düzgün üçinem işlemäge goýlan işgärler döwletiň hasabyna däl-de, bu ýere gelýän zyýaratçylaryň haýyr-sahawatynyň hasabyna saklanýar.

Dünýäde diňe Hindistanda hem-de Orta Aziýa boýunça Türkmenistanda saklanyp galan, taryhy öwrenijiler tarapyndan tassyklanan, başky beýikligi 80 metr, wagtyň geçmegi bilen 64 metre çenli gysgalan, diametri 12 metre barabar, 145 basgançakly Gutlug Temuryň minarasy hem, beýleki taryhy ýadygärlikler hem üns berilmegine mätäç.

“Gaýtalanmajak taryhy ýadygärlikleri goramagy başarmasak, biziň öz geljek nesillerimiziň öňünde uly ýalňyşlyga ýol berdigimiz bolar. Bu gymmatlyklar biziň geçmişimiz. Bular bize şu günem gerek, ertirki günem” diýip, Dädebaý aga bu ýadygärlikler toplumyna döwletiň ünsi güýçlendirjekdigine umyt baglaýandygyny aýtdy.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG