Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Siriýanyň 13 ýolbaşçysyna sanksiýa girizdi


Şu gün Ýewropa Bileleşigi ýakynda sanksiýa girizilen Siriýanyň 13 sany ýokary derejeli resmisiniň sanawyny çap etdi.

Ýewropa Bileleşigi Siriýanyň bu resmilerine bu ýurtdaky parahat demonstrasiýaçylara garşy ýarag ulanylmagy bilen baglanyşykly sanksiýa girizmekligi karar etdi.

Sanksiýa girizilen resmileriň arasynda Siriýanyn prezidenti Başar al-Assad ýok. Ýöne onuň doganlaryndan biri Maher al-Assad welin bu sanawa girizilipdir.

Ýewropa Bileleşigi Maher al-Assadyň demonstrasiýaçylara garşy ýaragly çäre görýän ýörite harby topara ýolbaşçylyk edýändigini aýdýar.

Ýewropa Bileleşiginiň kabul eden bu kararyna laýyklykda indi Siriýanyň bu 13 sany resmisine Bileleşige agza ýurtlara girmeklik gadagan edilýär we bu ýurtlarda olaryň bar bolan bank hasaplary hem doňdurylýar.
XS
SM
MD
LG