Sepleriň elýeterliligi

Siriýada tussag edilen 300 adam boşadyldy


Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýänleriň berýän maglumatyna görä, Banias şäherinde tussag edilen 300 töweregi adam azatlyga goýberilipdir.

Azat edilen şol adamlar geçen hepde hökümet goşunlary we tanklar Baniasa gireninde tussag edilipdiler.

Berilýän maglumatlara laýyklykda, şäherde suw üpjünçiligi, telefon we elektrik liniýalary hem kadaly işläp başlapdyr.

Emma tanklaryň şäheriň köçelerinde heniz hem durandygy we ýene-de 200 töweregi adamyň tussaglykda saklanýandygy hem habar berilýär.
XS
SM
MD
LG