Sepleriň elýeterliligi

“Microsoft” internet “Skype” sistemasyny satyn alýar


Kompýuter programmasy üpjünçiliginiň läheňi “Microsoft” kompaniýasy düýbi Lýuksemburgda ýerleşýän “Skype” internet telefon ulgamyny 8,5 milliard dollara satyn alýandygyny mälim etdi. Bu “Microsoft” kompaniýasynyň taryhyndaky iň uly satyn alyşdyr.

Tölenjek bahanyň içine “Skype” kompaniýasynyň “eBay” internet auksion kompaniýasyna we başga-da iki sany hususy kärhana degişli bergileri hem girýär.

“Skype” sistemasynyň ulanyjylary internetiň üsti bilen mugtuna ses we wideo arkaly habarlaşyp bilýärler.

“Skype” ulgamynyň dünýä boýunça 660 milliona golaý hasaba alnan müşderileri bar. Ol öz girdejilerini müşderileriniň mobil, öý we iş telefonlaryna edýän jaňlarynyň üsti bilen gazanýar.

“Microsoft” kompaniýasynyň aýtmagyna görä, “Skype” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Toni Beýts “Microsoft” kompaniýasynyň “Skype” bölüminiň prezidenti bolar.
XS
SM
MD
LG