Sepleriň elýeterliligi

Lukaşenkonyň ýene iki garşydaşy sud edilýär


Mikalaý Statkewiç, Dzmitriý Wus, Alýaksandar Klýaskouski, Akýaksandar Kwatkewiç, Artsýom Hrybkou, Dzmitriý Bulanau we Andreý Pazniýak sud diňlenşigi mahalynda, Minski, 2011-nji ýylyň 11-nji maýy.

Mikalaý Statkewiç, Dzmitriý Wus, Alýaksandar Klýaskouski, Akýaksandar Kwatkewiç, Artsýom Hrybkou, Dzmitriý Bulanau we Andreý Pazniýak sud diňlenşigi mahalynda, Minski, 2011-nji ýylyň 11-nji maýy.

Belarusda dekabrda geçen jedelli saýlawlarda oýnan rollary sebäpli ýene iki sany oppozision şahsyýet 11-nji maýda Minskide suda çekildi.


Mikalaý Statkewiç bilen Dzmitriý Wus 19-njy dekabrda halkara synçylary tarapyndan “galplaşdyrylan” diýlip häsiýetlendirilen saýlawlarda Belarusyň awtoritar prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen bäsleşen kandidatlar. Bularyň ikisi-de köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnanlykda aýyplanýar. Günäli tapylan ýagdaýlarynda olara 15 ýyla çenli türme tussaglygy garaşýar.

Öňki belarus ýolbaşçysy Stanislaw Şuşkewiç bu sud prosesini şeýle suratlandyrdy: “Bu bir syýasy iş. Bu saýlawyň galplaşdyrylmagynyň dowamy. Jemgyýetçiligi gorka salmak, saýlawda çyn ýeňiş gazananlardan öç almak”.

Müňlerçe adam köçelere dökülipdi

Lukaşenkonyň dördünji gezek 5 ýyllyk möhlet bilen prezidentlik wezipesini eýelemegine getiren saýlawyň netijeleriniň garşysyna protest bildirip, 19-njy dekabrda müňlerçe adam köçelere döküldi. Statkewiç bilen Wus bu protestler sebäpli häzir sud edilýän 27 sany oppozision şahsyýetlerden.

Öňki prezidentlige kandidatlaryň biri, ýurtdan gaçyp çykyp, Çehiýa Respublikasyndan başpena aldy. Şu wagta çenli sud edilip, iki ýyl bilen dört ýylyň aralygynda türme tussaglygyna höküm edilen oppozision aktiwistleriň sany 14.

Žurnalist Irina Halip bilen ýokary derejeli oppozision şahsyýet Pawel Sewýarynetsiň üstünden hem şu gün sud prosesi boldy. Bularyň hem aňyrsy üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegi mümkin. Halip prezidentlige öňki kandidatlaryň biri Andreý Sannikawyň aýaly.

Sannikaw saýlawyň resmi netijeleri boýunça sesleriň 2,5 prosentini almak bilen, Lukaşenkodan soň ikinji orny eýelän adam. Lukaşenkonyň alan sesleri bolsa, resmi netijilerde, 80 prosent diýlip görkezildi. Sannikawyň garşysyna 27-nji aprelde başlanan sud prosesi şu gün hem dowam etdi. Günäli tapylan halatynda oňa köpçülikleýin pitneçiligi gurnanlygy üçin 15 ýyl türme tussaglyga garaşýar.

ÝB sanksiýa girizdi

Belarus häkmiýetleri saýlawdan soň turan protestleri rehimsizlik bilen basyp ýatyrdylar. 600-den agdyk adam tutuldy. Bu işler günbatar resmileriniň sanksiýalar girizip, Lukaşenko bilen onuň 100-den gowrak ýaranynyň garşysyna wiza gadagançylygyny girizmegine getirdi.

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Ketrin Aşton 11-nji maýda Ýewropa Parlamentinde eden çykyşynda bu sud proseslerine salgylandy. Aşton bu babatda: “Belarus prezidenti Lukaşenko bize režimiň içinde bu zulum-süteme jogapkärleri, şol sanda prezident Lukeşenkonyň özüni-de, nyşana alyp, güýçli sanksiýa girizmekden başga ýol goýmady. Biz şeýle hem graždan jemgyýetini goldamagy, halklaryň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmeli bolduk” diýdi.

10-njy maýda Belarusda bir sud oppozision “Milli Front” partiýasynyň Minskidäki býurolaryny terk etmegi barada höküm çykardy. Partiýanyň bir ýokary derejeli işgäriniň “Frans Pres” habar gullugyna aýtmagyna görä, bu işiň partiýanyň syýasy sahnadan düşüp gitmegine getirmegi mümkin.

Bu aralykda Orsýetiň üç sany adam hukulary boýunça gözegçisiniň anna güni Belarusdan kowlandygy habar berildi. Belarusda Adam hukuklarynyň ýagdaýyna halkara derejesinde konrollyk boýunça komitetiň habaryna görä, onuň bu sud proseslerine synçylyk üçin Belarusa baran üç wekili Minskide tutulyp, ýurdy terk etmekleri üçin olara 24 sagat möhlet berlipdir.
XS
SM
MD
LG