Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eurovision 2011: Azerbaýjan ýeňiji!


Germaniýada geçirilen “Eurovision 2011” telebäsleşiginde Azerbaýjan ýeňiji boldy.



Düsseldorf şäherinde geçirilen “Eurovision 2011” telebäsleşiginde Azerbaýjanyň adyndan çykyş eden aýdymçylar Eldar Gasimow bilen Nigar Jamal (Ell/Nikki) "Running Scared" dueti üçin 221 bal gazanyp, birinji ýere mynasyp boldular.

Azerbaýjan "Eurovision 2011" bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:12 0:00

Şenbeden ýekşenbä geçilýän gije Bakuwyň ýaşaýjylary öz şatlyk duýgularyny paýlaşmak üçin azeri paýtagtynyň “Azatlyk” meýdançasyna ýygnandylar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, müňlerçe adamlar “Azatlyk” meýdançasyna ýygnanyp, “Azerbaýjan!” diýip gygyrypdyrlar.

Postsowet döwleti bolan Azerbaýjan “Eurovision” aýdym bäsleşigine 2008-nji ýylda goşuldy we häzir ilkinji gezek ýeňiji boldy.

Nigar Jamal Azerbaýjanda doglan hem bolsa, häzir ol öz adamsy bilen Londonda ýaşaýar. Onuň iki gyzy bar.

Baýrak gowşurylyş dabarasynda 22 ýaşly Eldar Gasimow özüni “dünýäde iň bagtly adam” hasaplaýandygyny aýtdy.

Italiýan aýdymçysy Rafael Gulazzi 189 bal bilen ikinji, Şwesiýadan gelen Erik Saade bolsa 185 bal bilen üçünji boldy. Öý eýesi Germaniýa 10-njy ýeri eýeledi.

Azerbaýjana ses beren ýurtlaryň sanawy:

Russiýa – 12
Gollandiýa – 6
Kipr – 8
Ukraina – 10
Finlandiýa – 5
Islandiýa – 8
Slowakiýa – 7
Awstriýa – 8
Polşa – 8
Şwesiýa – 3
San-Marino – 10
Türkiýe – 12
Şwesariýa – 1
Gresiýa – 5
Gürjüstan – 8
Fransiýa – 6
Horwatiýa – 10
Belarus – 6
Rumyniýa – 10
Albaniýa – 8
Malta – 12
Portugaliýa – 8
Wengriýa – 7
Litwa – 8
Bosniýa-Gersogowina – 8
Ysraýyl – 4
Estoniýa – 8
Belgiýa – 3
Latwiýa – 3

Azerbaýjan iň köp baly Ukraina berdi. Azerbaýjandan Gürjüstan 10, Gresiýa bolsa 8 bal aldy.

Şeýlelikde, 2012-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek “Eurovision” telebäsleşiginiň öý eýesi Baku bolar.
XS
SM
MD
LG