Sepleriň elýeterliligi

Täze amerikan ilçisi Berdimuhamedow bilen duşuşdy


Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine bellenen Robert E.Patterson şu gün Aşgabada saparynyň ilkinji güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Duşuşykda Robert E.Patterson türkmen prezidentine ynanç hatyny gowşurdy.

Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat wekili Wilýam Stiwens şu gün Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde täze ilçiniň işe bellenmegi bilen türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň syýasatynda düýpli bir özgerişlikleriň bolmajakdygyny aýtdy.

«Men özara gatnaşyklarda nähilidir bir syýasy özgerişlikler bolar diýip garaşmaýaryn. Beýleki tarapdan, ilçinin edil häzir gelip durşy. Biz ýagdaýyň nähili boljakdygyny indi göreris» diýip, Wilýam Stiwens belledi.

Täze amerikan ilçisi Robert E.Patterson 1985-nji ýylda ABŞ-nyň Döwlet departamentine işe geçeli bäri ozalky SSSR-de, Merkezi we Gündogar Ýewropada, Demirgazyk Kawkazda, Orsýet Federasiýasynda we Gündogar Afrikada dürli diplomatik wezipelerde işledi.
XS
SM
MD
LG