Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni mergeni azeri esgerini atyp öldürdi


Dawaly Daglyk-Garabag regionynyň golaýynda ermeni mergeni Azerbaýjanyň esgerini atyp öldürdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň berýän maglumatyna görä, bu waka ýekşenbe güni ýüze çykypdyr.

Şu ýylyň dowamynda Daglyk-Garabag regionynyň serhedindäki çaknyşyklarda 13 sany harby gullukçy öldi.

Bu sebitde ýaşaýanlaryň aglabasy etnik ermenler bolup, bu region 1990-njy ýyllardaky uruşda Azerbaýjandan bölünip aýrylypdy.

Azerbaýjan ençeme gezek bu sebitleri güýç ulanyp, yzyna almak bilen haýbat atypdy.
XS
SM
MD
LG