Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemeniň esasy tiresi polisiýa bilen çaknyşdy


Ýemenden gowuşýan habarlarda paýtagt Sanaada howpsuzlyk güýçleri bilen ýurduň täsirli Haşid tiresiniň arasynda çaknyşyk bolandygy, üç adamyň ölüp, 25 çemesi adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Prezident Ali Abdylla Salehiň özi hem şu tireden. Emma Haşid tiresi oppozisiýa goşulan.

Bu çaknyşyk Saleh işden çekilmek baradaky ylalaşyga gol çekmekden ýüz öwrenden soň boldy.

Protestçiler Salehiň 33 ýyla golaý dolandyryşyny soňlamagyny talap edýärler.
XS
SM
MD
LG