Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uruş jenaýatçysy hasaplanýan Mladiç tussag edildi


Penşenbe güni Serbiýanyň prezidenti Boris Tadiç uruş jenaýatçylygynda aýyplanylýan we gözlegde ýören Ratko Mladiçiň tussag edilendigini mälim etdi.

Belgradda geçirilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda prezident Boris Tadiç bu işde Serbiýanyň häkimiýetleriniň BMG-niň Hagadaky sudy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edendiklerini aýtdy.

"Serbiýa Respublikasynyň adyndan men şu gün Ratko Mladiçi tussag edendigimizi yglan edýärin. Ony ekstradisiýa etmek prosesi häzir dowam edýär. Munuň özi Serbiýanyň Haga tribunaly bilen hyzmatdaşlygynyň netijesidir" diýip, Boris Tadiç belledi.

Bosniýadaky ozalky serb goşunlarynyň komanduýuşisi Ratko Mladiç 1992-1995-nji ýyllaryň Bosniýa urşunda uruş jenaýatyny amala aşyranlykda we ynsanýete garşy jenaýat edenlikde aýyplanylýar.

Ratko Mladiç 1995-nji ýylda BMG-niň halkara sudunyň özüni tussag etmek barada çykaran kararyndan soň gizlenipdi.
XS
SM
MD
LG