Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň iki şäherine tanklar gözegçilik edýär


Ýekşenbe güni siriýaly protestçiler ýurduň iki sany şäheriniň töwereklerinde tanktlaryň we harby güýçleriň mümkin bolan protestleri basyp ýatyrmak üçin gözegçilik çekýändiklerini habar berdiler.

Maglumata görä, ýurduň merkezindäki Homs prowinsiýasynyň Rastan we Talbiseh şäherlerinde harbylar we howpsuzlyk güýçleri berk gözegçilik alyp barýarlar.

Iki ýarym aý töweregi mundan ozal Siriýada prezident Başar al-Assadyň režimine garşy protest çykyşlarynyň başlanaly bäri hökümet güýçleriniň ýarag ulanmaklary netijesinde 1000-den gowrak adam öldi diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG