Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty geçirildi


Duşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyny geçirdi. Maslahatda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümine girýän kanun goraýjy ministrlikleriň we organlaryň ýolbaşçylary öz dolandyrýan pudaklaryndaky işleriň barşy barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň baş prokurory Ç.Hojamyradowyň hasabatyny diňläp, prezident Berdimuhamedow prokuraturanyň ýurduň welaýatlarynda we paýtagtynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hiline hem-de olaryň öz wagtynda tabşyrylyş ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmelidiklerini aýdyp, bu boýunça baş prokurora tabşyryk tabşyrdy.

Mundan daşary, Berdimuhamedow ýurduň kanun goraýjy organlarynyň şu ýylyň güýzünde belleniljek Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk dabarasyna-da çynlakaý taýýarlyk görmeklerine görkezme berdi.
XS
SM
MD
LG