Sepleriň elýeterliligi

Pakistan Osama bin Ladeniň öldürilişini derňemekçi


Pakistanyň premýer-ministri Yusuf Raza Gilani Birleşen Ştatlaryň ýörite güýçleriniň Pakistana girip, Abbotabad şäherinde Osama bin Ladeni öldürmegini derňemegi garaşsyz komissiýa tabşyrdy.

Bäş agzadan ybarat komissiýa Pakistanyň ýokary sudunyň baş sudýasy Jawed Ikbal ýolbaşçylyk eder.

Pakistanyň parlamenti Osama bin Ladeniň nädip ele geçirilmän Pakistanda ýaşandygyny, şeýle-de nähili ýagdaýlarda daşary ýurtly güýçleriň, Pakistanyň resmilerine duýdurmazdan, ýurduň içinde operasiýa geçirip bilendiklerini anyklamak üçin derňew geçirmäge çagyryş edipdi.
XS
SM
MD
LG