Sepleriň elýeterliligi

Mladiçiň ilkinji sud diňlenişigi anna güni bolar


Öňki bosniýaly serbleriň goşun komandiri Ratko Mladiçiň ilkinji sud diňlenişigi anna güni bolar. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Uruş jenaýatlary boýunça tribunaly habar berýär.

69 ýaşly Mladiç sişenbe güni Serbiýadan Haaga getirilipdi. Ol 1992-1995-nji ýyllardaky Bosniýa urşunda adamzada garşy jenaýat edenlikde, genosidde aýyplanýar.

Mladiç geçen hepdäniň penşenbe güni Serbiýada tussag edildi.
XS
SM
MD
LG