Sepleriň elýeterliligi

Braziliýaly delegasiýa Türkmenistana sapara bardy


Şu günler Türkmenistanda saparda ýören Braziliýanyň hökümetiniň ýörite wekili Paulo Joppert çarşenbe güni Türkmenistanyň ministrliklerinde duşuşyklar geçirdi.

Hususan-da, ol Türkmenistanyň Daşary işler we Oba-hojalyk ministrliklerinde türkmen resmileri bilen iki ýurduň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meseleleri barada pikir alyşdy.

Paulo Joppert Türkmenistan bilen Braziliýanyň partnýorlyk hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek üçin uly potensialyň bardygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG