Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky partlamalarda azyndan 24 adam öldi


Ýekşenbe güni Pakistanyň demirgazyk-günbatar raýonynda aýry-aýrylykda amala aşyrylan iki sany bomba partlamasynda azyndan 24 adam ölüp, onlarça adam ýaralandy.

Partlamalardan biri ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Nowşera şäherinde, çörek dükanynyň golaýynda amala aşyryldy. Polisiýa bu wakada azyndan 18 adamyň ölendigini aýdýar.

Ýene bir partlama bolsa, şol regionyň Matni-Bazar atly ilatly punktynda bir ýolagçy awtobusynyň golaýynda amala aşyryldy. Bu wakada 6 adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.

Bu hüjümleriň jogapkärçiligini Pakistandaky talyban söweşijileri öz üstlerine aldylar.
XS
SM
MD
LG