Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň komiteti Türkmenistan boýunça hasabatyny ýaýratdy


Duşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Gynamalara garşy göreş boýunça komiteti Türkmenistandaky ýagdaýlar barada özüniň jemleýji hasabatyny ýaýratdy.

Onda BMG-niň komiteti Türkmenistanyň adam hukuklaryna degişli birnäçe halkara dokumentlerini ratifisirlemegini oňyn alamatlaryň biri hökmünde bellemek bilen, bu kanunlary durmuşa ornaşdyrmakda ýurtda henizem çynlakaý problemalaryň bardygyna ünsi çekipdir.

Hususan-da, bu hasabatda Türkmenistanda adamlaryň gynalmalary, sud-derňew proseslerinde raýatlaryň kanuny hukuklarynyň üpjün edilmeýändigi, syýasy tussaglaryň ýagdaýlary barada zerur maglumatlaryň berilmeýändigi, halkara synçylarynyň ýurda goýberilmeýändigi ýaly birgiden problemalaryň henizem dowam edýändigi bellenipdir.

Ýakynda, maý aýynyň ahyrynda Türkmenistan BMG-niň Gynamalara garşy göreş boýunça komitetine resmi hasabat beripdi. Ýöne köp synçylar bu hasabatda adam hukuklary bilen bagly köp düýpli meselelere we sowallara jogap berilmändigini aýdyp, bu hasabaty tankyt etdiler.
XS
SM
MD
LG