Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HWF: Türkmenistanda ýakyn geljek üçin ösüşiň perspektiwasy amatly


Türkmen hökümeti nebit-gaz sektoryndan daşary ykdysadyýeti köp taraply ösdürmeli, hususy sektoryň roluny artdyrmaly diýip, HWF hasap edýär.
Türkmen hökümeti nebit-gaz sektoryndan daşary ykdysadyýeti köp taraply ösdürmeli, hususy sektoryň roluny artdyrmaly diýip, HWF hasap edýär.
Halkara walýuta fondunyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň başlygynyň orunbasary Weronika Bakalunyň baştutanlygynda HWF-niň missiýasy Türkmenistanyň ministrliklerinde, edaralarynda we Merkezi Bankynda iki hepdelik konsultasiýalar geçirdi diýip, türkmen metbugty habar berýär.

Halkara walýuta fondunyň metbugat beýanatynda türkmen häkimiýetleri bilen Halkara walýuta fondunyň wekilleriniň ykdysady ösüşiň perspektiwalaryny maslahat edendigi, dowam edýän ykdysady reformalara baha berlendigi bellenýär.

Missiýanyň ahyrynda hanym Bakalu 2010-njy ýylda we 2011-nji ýylyň başky aýlarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ýokary görkezijileriň hasaba alnandygyny, onuň nebit-gaz eksportynyň we döwlet inwestisiýalarynyň ösüşine täsir edendigini belledi.

Beýanatda aýdylmagyna görä, 2008-nji ýylda manadyň çalşyk kursunyň bir ölçege getirilmegi, onuň yzyndan pul reformasynyň geçirilmegi kiçi we orta ölçegi kärhanalara goldawyň güýçlenmegine getiripdir, daşary ýurt walýutasyna elýeterliligi artdyrypdyr. Bakalunyň sözlerine görä, azyk önümleri boýunça halkara bahalaryň ýokarlanmagy soňky aýlar inflýasiýany güýçlendiripdir. Ýöne ol dolandyryp bolýan ýagdaýda galýar.

Gaz eksportynyň artyşy, jemgyýetçilik zerurlyklaryna çykdajylaryň artmagy bilen bagly ýakyn wagtlar üçin ösüşiň perspektiwasy amatly. Şol perspektiwa häzirki ykdysady reformalary tizleşdirmäge gowy binýat bolup biler. Munuň üçin hökümet nebit-gaz sektoryndan daşary ykdysadyýeti köp taraply ösdürmeli, hususy sektoryň roluny artdyrmaly diýip, HWF hasap edýär.

Reformalary goldaýar

Halkara walýuta fondunyň missiýasy türkmenistanlylaryň peýdasyna sosial çykdajylaryň netijeliligini artdyrmagy goldaýar. Missiýa ýakyn ýyllarda halkara standartlaryna laýyklykda milli statistikany üpjün etmäge gönükdirilip, alnyp barylýan işleri-de goldaýar. Täze bank kanunçylygynyň kabul edilmegi, ýurduň banklarynda maliýe hasabatynyň halkara standartlarynyň ornaşdyrylmagy bu maksatlara ýetmäge ýardam eder.

Makroykdysady dolandyryşy gowulandyrmaga, maliýe reformalaryna ýardam etmäge, maliýe sektoryny güýçlendirmäge, hususy sektoryň işini giňeltmäge ýardam üçin Halkara walýuta fondy türkmen häkimiýetleri bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny aýdýar.

Moskwadaky “RosBusinessConsulting” merkeziniň analitigi Aleksandr Ýakowlewiň sözlerine görä, türkmen ykdysadyýetinde hakykatdanam erbet bolmadyk ösüş bar.

“Ýöne ol ösüş, birinjiden, gaz eksportynyň binýadynyň üstünde, ikinjiden, döwlet inwestisiýasy arkaly hereket edýär. Ýagdaý Orsýetde-de şonuň ýaly. Ýöne Türkmenistanyň ykdysadyýeti beýle bir çylşyrymly däl. Nebit-gazyň bahasynyň ýokarylygy şol ösüşi üpjün edýär. Emma gazyň bahasynyň üýtgemegi, peselmegi bilen ýagdaý ýaramazlaşyp biler” diýip, Ýakowlew aýdýar.

HWF-niň deslapky çaklamalaryna görä, tebigy gazyň ýokary bahasy Türkmenistany regionda iň ýokary ösüş gazanan ýurtlaryň hataryna goşar. Fond Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşiniň 2011-nji ýylda 9 prosente, 2012-nji ýylda 6,4 prosente barabar boljagyny çak edýär. Bu görkeziji geçen ýyl 9,2 prosente deň bolupdy.
XS
SM
MD
LG