Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama bilen Merkel global meseleleri maslahatlaşdy


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (çepde) we Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Ak Tamda geçirilen metbugat konferensiýasynda, 7-nji iýun.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (çepde) we Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Ak Tamda geçirilen metbugat konferensiýasynda, 7-nji iýun.

Amerikan prezidenti Barak Obama gyssagly global meseleler hakda pikir alyşmak üçin sişenbe güni Germaniýanyň kansleri Angela Merkeli Ak Tamda garşy aldy.


Obama 2009-njy ýylyň ýanwarynda häkimiýet başyna geleli bäri, bu Merkeliň Birleşen Ştatlara eden altynjy sapary bolsa-da, ol ilkinji gezek resmi nahar we artilleriýa salýuty bilen garşylandy.

Aralaryndaky gatnaşyk ol diýen ysnyşykly hasaplanmasa-da, Merkel Obama tarapyndan beýle sylag-hormata mynasyp görlen ilkinji Ýewropa lideridir.

“Meniň prezidentlik döwrümde bu gün bir ýewropa ýolbaşçysynyň ilkinji resmi sapary we resmi nahary bellenýär. Bu bir gelşip duran zat. Transatlantik ýaranlygy biziň tutuş dünýäde asudalygy we abadançylygy ösdürmek baradaky tagallalarymyzyň özenini, ýüregini emele getirýär. Ýewropanyň ýüreginde ýerleşýän Germaniýa biziň güýçli ýaranlarymyzyň biridir. Kansler Merkel hem meniň iň ýakyn ýaranlarymyň biri” diýip, prezident Obama aýtdy.

Birleşen Ştatlar bilen Germaniýanyň soňky aýlarda ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklarynyň biri Liwiýa meselesi, Kaddafiniň hökümete garşy gozgalaňçylara edýän zulum-sütemine nähili jogap berilmelidigi.

Ýaňy mart aýynda Kaddafiniň parahat ilaty nyşana alýan güýçleriniň garşysyna harby herekete geçmek barada Birleşen Milletler Guramsynyň Howpsuzlyk Geňeşinde bolan ses berişlikde NATO-nyň ses bermekden saklanan ýeke-täk ýewropaly agzasy Germaniýa boldy.

Ýöne iki ýolbaşçynyň duşuşygyndan soň geçen metbugat ýygnagynda Obama Kaddafiniň häkimiýet başyndan gitmegi bilen Merkeliň ylalaşýandygyny aýdyp: “Kaddafiniň gitmegi üçin gerek zat gysyşyň dowamly artdyrylmagy” diýdi.

“Şeýlelikde biziň tutuş Liwiýada görýänimiz – režimiň güýçleriniň birsyhly yza serpikdirilýänligi, güýçden düşürilýänligi, Kaddafiniň hökümetiniň ýokary derejeli agzalarynyň, şeýle hem harbylaryň ondan ýüz öwürýänligi. Meniň pikirimçe, Kaddafiniň gitmegi diňe wagt meselesi” diýip, Obama aýtdy.

Obamanyň bellemegine görä, iki ýolbaşçynyň giňişleýin pikir alşan ýene bir meselesi Ýewropanyň bergi krizisi, aýratyn-da Gresiýanyň kynçylykly maliýe ýagdaýy. Waşington bu ýurda kömek üçin hyzmatdaşlygy wada edipdir.

Owganystan

Owganystan barada hem Angela Merkel ýaragly güýçler çykarylýança we ondan soň hem Birleşen Ştatlar bilen Germaniýanyň arasyndaky arkalaşygyň dowam etjekdigini aýtdy.

“Owganystanda alyp barýan işlerimiz biziň agzybirligimiziň nähili berkdigini görkezýär. Biz demirgazyk Owganystandaky hyzmatdaşlygymyz üçin örän minnetdar. Bu gaty gowy ilerleýär. Owganystanda howpsuzlygy üpjün etmek üçin zerur işlere gatnaşýarys diýen ynama goşulýarys. Bu bir syýasy hem harby tagalla. Biz ol ýere bilelikde gitdik, bilelikde hem çykarys diýýäris. Ýöne bu işi jogapkärçilikli ederis. Owganystana uzak wagtlap biziň kömegimiziň gerekdigini ýatdan çykarmarys” diýip, Merkel nygtady.

Owganystanda Birleşen Ştatlaryň 100 müň çemesi esgeri bar. Bularyň sanynyň şu tomusdan başlap, kem-kemden azaldylmagyna garaşylýar. Germaniýa hem öz esgerlerini şu ýylyň aýagyndan beýläk çykarmaga başlamak umydynda.

Amerikan prezidenti bilen german kansleri Ysraýyl-Palestina konflikti barada hem giňişleýin gürleşdiler diýlip, habar berilýär.

Pikir alşylan ýene bir mesele Eýranyň gizlin alyp barýan ýadro programmasy boldy. Olar Tähran uran baýlaşdyrmak işi barada BMG-niň atom häkimiýetlerine doly maglumat bermedik ýagdaýynda täze sanksiýalar hakda oýlanmaly diýen netijä gelipdirler.

German kansleri Angela Merkel şişenbe güni Birleşen Ştatlaryň “Azatlyk ordeni” bilen sylaglandy.
XS
SM
MD
LG