Sepleriň elýeterliligi

ÝB Siriýa rezolýusiýasynyň taslamasyny taýýarlady


Ýewropa Bileleşigi Siriýanyň režiminiň protestçilere garşy ýarag ulanmagyny ýazgaryjy we ýurduň režimini syýasy dialoglara çagyryjy rezolýusiýanyň taslamasyny BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň garamagyna hödürledi.

Ýewropanyň diplomatlary bu rezolýusiýanyň taslamasynyň ýakyn günlerde BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde sese goýulmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary eýýäm bu rezolýusiýanyň taslamasyny goldaýandygyny mälim etdi. Emma Orsýet bilen Hytaý Siriýanyň hökümetine garşy BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde nähilidir bir rezolýusiýanyň kabul edilmegine garşydyklaryny bildirdiler.
XS
SM
MD
LG