Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Klinton Bütindünýä Bankyna geçjek bolanok


Birleşen Ştatlaryň administrasiýasynyň ýokary derejeli resmileri Döwlet sekretary Hillari Klintonyň Bütindünýä Bankynyň başlyklygyna geçmek boýunça gepleşikler geçirýändigi baradaky maglumatlary ýalana çykardy.

Hillari Klintonyň maslahatçylarynyň biri Filip Reines “Döwlet sekretarynyň Bütindünýä Bankyna geçmek boýunça prezident bilenem, Ak Tam bilenem gepleşik geçirmändigini” aýtdy.

Mundan ozal “Reuters” habar agentligi Hillari Klintonyň geljek ýyl Bütinýä Bankynyň başlyklygyna geçmegi göz öňünde tutýandygy sebäpli, öz wezipesini tabşyrmak boýunça Ak Tam bilen gepleşikler geçirýändigi barada habar beripdi.
XS
SM
MD
LG