Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Owganystana 80 operatiw işgär ugradýar


ABŞ-nyň Goranmak ministrligi “Talyban” hereketi bilen baglanyşygy bolan adamlary ýurduň howpsuzlyk gullugyndan çykarmak üçin 80 sany operatiw işgärini Owganystana ugradýar.

“The New York Times” gazetiniň habaryna görä, şol spesialistler harby türgenleşik geçýän esgerleriň we goşuna çagyrylanlaryň terjimehallaryny barlamaga gatnaşar.

Amerikan operatiw işgärleriniň bir böleginiň eýýäm Owganystana gelendigini Owganystandaky NATO güýçleriniň türgenleşik merkeziniň wekiline salgylanmak bilen gazet habar berýär.
XS
SM
MD
LG