Sepleriň elýeterliligi

Suduň jaýyna hüjüm eden täjikler tussag edildi


Golaýda Täjigistanyň polisiýasy ýurduň günorta-günbatarynda suduň we prokuraturanyň jaýyna hüjüm edenlikde şübhelenilýän iki adamy tussag etdi.

Onlarça adam Badahşandaky suduň binasyna we Daglyk-Badahşan awtonom welaýatynyň merkezi Horogdaky prokuraturanyň jaýyna hüjüm edipdiler hem olary talapdylar.

Bu wakada suduň birnäçe işgäri urlup-ýenjildi. Suduň başlygynyň orunbasary Holik Holilow, sudýa Akbar Safarow we başga-da bir adam hüjümlerde ýaralandy.

Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Mahmadullo Asadulloýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 41 ýaşly Eraj Sadonşoýew we 26 ýaşly Jemşid Şeraliýew wagtlaýyn tussaghana salnypdyr.

Asadulloýew beýleki hüjümçileriň hem gözlenilýändigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG