Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Agyr pursat


Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat.
Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat.
Ylham büdräp ýykyldy, kagyza el baranok,
Gülkiň dişi döküldi, degişmä dil baranok.

Pelek pallap gerindi, şeker döndi sogana.
Duşmanym dost göründi, dost öwrüldi dogana.

Görmejegim toýumda üýşüp geldi ýasyma...
Bak-ha, karam oýunda artyk ýaşan ýaşyma!

Aýym, öňem aslynda, menden on ýyl ýaşdyň-a!
Ýat asmanyň astynda ne beýle ir ýaşdyň-a!

Indi başga baýlyk ýok – bir tümmege eýe men.
Bak-ha, bu gün sygamok üç otagly öýe men!

Ugur kaýsy, ýol kaýsy, gündogarda gün batdy...
Suwdan çykaran Tagsyr çykaryp, oda atdy.

Saçy agaran ykbal çaga kimin kemşerdi.
Böwre depilen ömür taňňyr kimin ýemşerdi.

Melegiň aýadynda ajy ýaşdan gandym men.
Pelegiň aýasynda ätiýaçdan galdym men.

Göwre tabyda sygar, göwün sygmaz jahana!
Ýaşamaga höwes ýok, ölmäge-de bahana.
XS
SM
MD
LG