Sepleriň elýeterliligi

Belarusda meşhur žurnalist sud edilýär


Žurnalist Andrzeý Poçobutonyň tarapdarlary suduň jaýynyň daşynda, Grodno, 14-nji iýun.

Žurnalist Andrzeý Poçobutonyň tarapdarlary suduň jaýynyň daşynda, Grodno, 14-nji iýun.

Polşanyň gündelik gazeti üçin işleýän belarusly meşhur žurnalist Andrzeý Poçobuto garşy sişenbe güni Belarusyň Grodno şäherinde sud prosesi başlandy. Ol prezident Aleksandr Lukaşenkony kemsidenlikde we oňa şyltak atanlykda aýyplanýar.

Poçobuto aprel aýynda tussag edildi we Polşanyň “Gazýeta Wyborça”gazetinde çap eden makalalarynda we internetdäki kommentarilerinde Lukaşenkony kemsidenlikde hem oňa “şyltak atanlykda” aýyplandy.

Belarusyň raýaty Andrzeý Poçobuto öz ýurdundaky polýak diasporasynyň aktiw wekili we “Belarusdaky polýaklaryň bileleşigi“ atly medeni guramanyň öňdebaryjy agzasy. Eger ol günäli tapylsa, onda 2 ýyldan başlap, 4 ýyldan gowrak möhlete çenli türme tussaglygyna höküm edilmegi mümkin.

“Syýasy äheňli”

Belarusly žurnalistleriň assosiýasiýasynyň başlygy Žanna Litwinanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, žurnalist Poçobuto garşy sud “syýasy äheňli”. Ol şuňa meňzeş üç suduň Belarusda 2002-nji ýylda hem bolandygyny ýatlady: “Bu suduň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilmegi onuň syýasy äheňlidigini goşmaça subut edýän fakt”.

“Belarusdaky polýaklaryň bileleşigi” atly guramanyň agzasy Renata Demençuk “Roýtere” beren interwýusynda Poçobutonyň prezidentiň sözlerini gaýtalandygyny aýtdy: “Ol prezidente “şyltak atanlykda” aýyplanýar. Ol prezidente “şyltak atmady”. Poçobuto prezidentiň özüniň aýdanlaryny gaýtalady. Men şu pozisiýamda durýaryn. Sebäbi men ony goldaýaryn. Men Belarusyň azat ýurt boljakdygyna we ýurtda demokratiýanyň ýeňjekdigine ynanýaryn. Andrzeý Poçobuto hormata örän mynasyp adam”.

Grodna şäherinde sud başlananda, žurnalist Poçobutonyň boşadylmagyny talap edip, onlarça adam suduň jaýynyň öňüne ýygnandy. Olaryň arasynda Poçobutonyň aýaly we ene-atasy hem bardy.

Gurama basyş astynda

Belarusdaky polýaklaryň medeni guramasynyň häzirki başlygy Anželika Arehwanyň Grodna sapar etmek plany başa barmady. Çünki polisiýa ony Polşanyň žurnaly üçin işleýän habarçy Alekseý Saleýiň meselesi boýunça soraga çagyrdy. Arehwanyň sözlerine görä, polisiýa soraga barmakdan ýüz öwrendigi üçin onuň Lapenka obasyndan Grodna gitmegine böwet bolupdyrlar.

Geçen ýyl häkimiýetler Belarusdaky polýaklaryň medeni guramasyny Minskiniň golaýyndaky jaýyndan çykardy. Şeýle-de bu guramanyň aktiwistlerini polisiýanyň tussag etmegi Belarusyň we Ýewropa bileleşiginiň, şeýle-de Polşanyň gatnaşyklaryny dartgynlaşdyrdy.

Bu gurama bäş ýyldan bäri Belarusda resmi registrasiýa almaga çalyşýar. 2009-njy ýylda hökümetiň tarapdary bolan Belarusdaky polýaklaryň bileleşigi hasaba alyndy. Emma Polşanyň hökümeti diňe medeni guramany Belarusdaky etniki polýaklaryň ýeke-täk kanuny guramasy diýip hasaplaýar.

Belarusyň 9 million 700 müň ilatynyň 4 prosente golaýy etniki polýaklardyr.
XS
SM
MD
LG