Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew Hytaýyň prezidenti bilen duşuşýar


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen Hytaýyň prezidenti Hu Jintaonyň gepleşikleriniň baş temasy energiýa we söwda hyzmatdaşlygy bolar diýlip garaşylýar. Olar Moskwada duşuşýarlar.

Mundan soň Hytaýyň delegasiýasy Sankt-Peterburga ugrar. Bu ýerde Orsýetiň yzygiderli ykdysady forumy geçirilýär.

Iki lideriň Ýakyn Gündogardaky we Demirgazyk Afrikadaky ýagdaýlar barada hem gürrüň etmegine garaşylýar.

Orsýet we Hytaý NATO-nyň Liwiýa operasiýalaryna tankydy göz bilen garaýarlar. Emma olar Liwiýa barada BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde bolan maslahatda weto hukuklaryny ulanmadylar.

Medwedew we Hu Jintao Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň nobatdaky sammitinden soň duşuşýarlar.
XS
SM
MD
LG