Sepleriň elýeterliligi

Marokkoda aktiwistler patyşanyň teklibini ret edýär


Marokkonyň “20-nji fewral'” oppozision guramasynyň aktiwistleri ýurduň patyşasy Mohammed VI tarapyndan teklip edilen Konstitusiýa üýtgetmeleriň köpüsini “göz üçin” diýip, ret edýärler.

Ýakynda Marokkonyň patyşasy demokratik institutlary berkitmäge, adam hukuklaryny we söz azatlygyny goramaga gönükdirilen konstitusion reformalaryň planyny yglan etdi.

“Meniň ýurdumyň wepaly graždanlary, men demokratik konstitusion parlament monarhiýasyny kemala getirmek üçin binýat boljak konstitusion üýtgetmeleri amala aşyrmagyň üstünde işe başlan ilkinji adamlaryň biri. Şol üýtgetmeler 1-nji iýulda boljak ses berişlikden soň kabul ediler” diýip, Mohammed VI aýtdy.

Konstitusiýa üýtgetmeler ýurtda demokratik azatlyklary talap edýän protest aksiýalary başlanansoň döredilen ýörite komitet tarapyndan taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG