Sepleriň elýeterliligi

Kaddafä diňe iki ýol bar


Arýan: "Kaddafiniň “boýun egmeris” diýýäni bir jedelli gürrüň".

Arýan: "Kaddafiniň “boýun egmeris” diýýäni bir jedelli gürrüň".

Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň garşysyna gozgalaň turaly bäri aradan dört aý, NATO-nyň ilkinji howa hüjüminden bäri hem üç aý geçendigine garamazdan, bu ýerdäki ýagdaý kän bir üýtgäberenok.

NATO bu çykgynsyz ýagdaýyň soňuna çykmak, gozgalaňçylara kömek etmek üçin edýän bombaly hüjümlerini ep-esli artdyrdy. Bengazide ýerleşýän Milli geçiş geňeşini ýaraglandyrmaga goşant goşmak üçin Tunisden, Müsürden we Katardan Liwiýa gizlin ýarag getirilýänligi aýdylýar.

7-nji iýunda Kaddafi NATO-nyň güýçli howa hüjümlerine jogap berip: “Biz dyza çökmeris, boýun egmeris. Soňuna çenli şu ýerde ýeňişli durarys, öli ýa diri, tapawudy ýok” diýdi.

Fransiýa, Britaniýa we Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylary Kaddafiniň režimi uzaga çekmän çöker diýip, umyt edipdiler. Ýöne NATO-nyň bombaly hüjümleriniň entek beren netijesi ýok. Režimiň çökenini görjek bolsak, ýene ençeme hepde, belki-de ençeme aý garaşmalydyr.

Dürli sebäpleri bar

NATO-nyň howa hüjümleri bilen bu gymyldysyz ýagdaýy böwsüp bilmeýändiginiň dürli sebäpleri bar. Kaddafiniň režimi özüni çalt dürsemegi başarýar. Tripoli we onuň töwereginde ýaşaýan ilatyň hem käbir bölegi, iş ýüzünde gabawda bolsalar-da, režimi şindi-de goldaýarlar. Milli geçiş geňeşini hemmeler kabul edýär diýilýän gürrüň hakykata laýyk däle meňzeýär.

Kaddafiniň režiminiň aman galmagyna goşant goşýan ýene bir faktor hem - gozgalaňçy güýçleriň gowşaklygy. Olar bolmalysy ýaly guramaçylykly däl. Ýarag we beýleki enjamlaryň ýetmezçiliginden ejir çekýärler. Ýeterlik türgenleşigi, tejribeli serkerdeleri ýok. NATO agzalarynyň käbiri bu gowşaklyklary düzetmek üçin soňky hepdelerde käbir çäreleri ýola goýdular.

NATO ýurtlarynyň arasyndaky kem-kemden ýüze çykyp ugran aýgytsyzlyk we ikirjiňlenme hem peýda berenok. Arap Ligasynyň NATO-nyň Kaddafiniň garşysyna alyp barýan harby hereketlerini syýasy taýdan goldamagy gaty ähmiýetlidi. Ýöne bu soňra ýatyşyp, ol ünsüni Bahreýnde, Siriýada we Ýemende barýan gozgalaňlara gönükdirdi. Esasy global güýçler bolan Orsýet bilen Hytaý hem NATO-nyň Liwiýadaky işlerini tankytlamagy güýçlendirdiler. Olar bu dawanyň diplomatik ýollar we Milli geçiş geňeşi bilen dialog arkaly çözülmegini teklip edýärler.

NATO-nyň Tripolidäki operasiýalary mahalynda, 7-nji iýun.
NATO öz harby operasiýalaryny güýçlendirse, gozgalaňçylara kömek berse, Kaddafiniň režimi çöküp, onuň 41 ýyllyk hökümdarlygy soňlanar diýip, umyt edýär.

Liwiýa barada Abu Dabide geçen halkara konferensiýa gatnaşan döwletler, şol sanda Birleşen Ştatlar, Ýewropa we arap ýurtlarynyň birnäçesi Milli geçiş geňeşine 1,1 milliard dollar pul kömegini wada etdiler.

Näçe wagta çeker?

NATO, Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar indi Liwiýada soňky oýundan we Kaddafiniň basym gitmeginden, Milli geçiş geňşiniň ýolbaşçylary hem ýeňişden gürrüň edýärler.

Kaddafiniň kontrollygyndaky günbatar Liwiýa agyr zyýan ýetdi. Döwlet edaralarynyň köpüsi doly işlänok. Muňa garamzadan, käbir adamlar Kaddafiniň häkimiýet başyndan gitmegi ýene birnäçe aýa çeker diýen pikirde.

Britaniýanyň daşary işler ministri William Hag ýaňy golaýda BBC telekanalyna beren bir interwýusynda NATO-nyň bombaly hüjümleriniň üstümizdäki ýylyň aýagyna çenli dowam etmeginiň mümkindigini aýtdy.

Kaddafiniň “boýun egmeris” diýýäni bir jedelli gürrüň. Ýöne häzirki ýagdaýda oňa häkimiýeti meýletin başga birine geçirere ýol ýok. Milli geçiş geňeşi Kaddafä ynam edenok. Geňeşiň gepleşikler üçin öňde goýýan ilkinji şerti – Kaddafiniň häkimýet başyndan gürrüňsiz çekilmegi. Halkara jenaýat sudy hem Kaddafiniň tussag astyna alynmagy barada order çykardy.

Kaddafiniň gitmegi diňe wagt meselesi. Ol gitdigiçe artýan agyr harby, syýasy we ykdysady gysyş astynda. Häzirki ýagdaýda oňa diňe iki ýol bar: ýa Gaagada Halkara jenaýat sudunda peýda bolup, galan ömrüni türmede geçirmeli ýa-da Tripolide görkezýän garşylygyny dowam etdirip, tupanyň ýataryny dilemeli.

Hossein Arýan Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugynyň müdiriniň orunbasary. Bu ýerde beýan edilen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG