Sepleriň elýeterliligi

Klinton saudly aýal sürüjilere goldaw bildirýär


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Saud Arabystanynda patyşalygyň aýallara maşyn sürmegi gadagan etmesine garşy protest bildirýän aýallara goldaw bildirýär.

Klinton sişenbe güni protestçileri goldap eden çykyşynda olaryň hereketleri «batyrgaý» we maksatlary «dürs» diýdi.

Klinton bu sözleri saud aktiwistleriniň koalisiýasy Günbataryň ýokary derejeli aýal diplomatlaryny Saud Arabystanynda aýallaryň maşyn sürmegine hukuk gazanmak ugrunda geçirýän kampaniýalaryny açyk goldamaga çagyranlaryndan soň kän wagt geçmänkä aýtdy.

Saud aýallarynyň maşyn sürmegine hukuk almagy üçin göreşýän topar duşenbe güni Klintona we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Ketrin Aştona hat iberip, Saud Arabystanynda maşyny diňe erkekleriň sürmelidigi baradaky düzgüni ýatyrmaga kömek etmeklerini sorady.
XS
SM
MD
LG