Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Owganystandan 33 müň amerikan esgeriniň çykaryljagyny yglan edýär


Prezident Barak Obama Birleşen Ştatlaryň şu ýylyň aýagynda Owganystandan 10 müň, 2012-nji ýylyň tomsunda bolsa 23 müň esger çykarjagyny yglan etdi.

Obama bu wadany Ak Tamda çarşenbe güni agşamlyk sözlän sözünde berdi.

Bu esger çykarma plany häzir Owganystandaky 100 müň çemesi esgeriň sanyny 68 müň çemesine çenli azaldyar.

Beýleki döwletleriň bu ýurtda bilelikde 30 müň çemesi esgeri bar.

Obama öz sözünde ilkinji 33 müň esgeriň çykarylmagyndan soň, owganlaryň howpsuzlyk jogapkärçiliklerini öz üstlerine almagy netijesinde, kem-kemden has köp amerikan esgeri Owganystandan çykarylar diýdi.
XS
SM
MD
LG