Sepleriň elýeterliligi

Türkmen medeniýeti nä halda?!


Ýazgulyýew: "Nyýazowy aşa öwen, onuň "pygamberligine, beýikligine" tagzym eden, hatda diktatordan soň ýaşamazlyga kasam eden ol ýaranjaňlar, hiç hili ikirjiňlenmezden, häzirki döwlet baştutanyny hem mahabatlandyryp başladylar".

Ýazgulyýew: "Nyýazowy aşa öwen, onuň "pygamberligine, beýikligine" tagzym eden, hatda diktatordan soň ýaşamazlyga kasam eden ol ýaranjaňlar, hiç hili ikirjiňlenmezden, häzirki döwlet baştutanyny hem mahabatlandyryp başladylar".

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen medeniýetini ösdürmek, ony döwrebaplaşdyrmak hakynda häli-şindi gürrüň edýär, tabşyryklar berýär. Hatda resmi propaganda döwlet baştutanynyň türkmen medeniýetini, sungatyny hatyralap, bu ulgamyň işgärlerine hormat goýup, her ýylyň 27-nji iýunynda medeniýet we sungat işgärleriniň gününi bellemek hakynda karar kabul edendigini dabaralandyryp, medeniýet-sungat işgärleriniň prezidente alkyşnamasyny indi birnäçe günden bäri yzygiderli beýan edip gelýär.

Garaşsyzlyk zamanamyzda türkmen medeniýeti ösdümikä? Bu sowala şu makalamyň dowamynda jogap bereýin. Halkyň mentalitetini emele getirýän pikir azatlygynyň biziň ýurdumyzda ýokdugyny düşündirip oturmagyň hajaty-da ýok.

Dabaraly öwgüler

"Döwlet syýasatyna şübheli garaýar" diýlip hasap edilýänler şol bada gara spisoga salynýar, döredijiliginiň gadaganlygyndan daşary olara, çagalaryna daşary ýurda çykmak, işlemek gadagan, bu ýurtda howpsuz ýaşajak bolsaň, döwlet syýasatyny mahabatlandyryp ýaşamaly. Şonuň üçin raýatlarymyz türkmen mediasyna öz pikir edýän zatlaryny däl-de, gorky astynda öwredilen ýasama, dabaraly öwgülerini beýan edýärler.

Prezident Nyýazowyň zamanasynda aýdym-saz sungatymyz gaty gözgyny ýagdaýa düşdi, onuň dolandyran soňky bäş ýylynda aýdym-sazymyz diňe merhum diktatora hyzmat etdi. Efirden klassyk şahyrlarymyzyň sözlerine döredilen aýdym-sazlar aýryldy. Döwlet gözegçiligindäki habar beriş serişdelerinde Nyýazowy mahabatlandyrýan ýa-da merhum diktatoryň "düzdi" diýilýän goşgularynyň sözleri ogurlanan daşary ýurt sazlaryna goşulyp aýdyldy.

Dogry, hökümetiň çalyşmagy bilen, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek hem wagyz etmek maksady bilen "Türkmen owazy", "Owaz" tele-radio kanallary açyldy, bu kanallar dörediläýen wagtynda raýatlarymyzyň aýdym-saz höwesini uly derejede kanagatlandyrypdy. Hatda häzirem efirde klassyk şahyrlarymyzyň sözlerine döredilen, ussat bagşylarymyzyň arhiwden alnan aýdymlary ýaňlanýar. Emma soňra bu tele-radio kanallaram gitdigiçe syýasatlaşdy. Indi bu tele-radio kanallarynda ýaňlanýan aýdym-sazlaryň bir bölegini döwlet baştutanyny mahabatlandyrýan, esasanam "Arkadag" diýlip wasp edilýän aýdymlar tutýar. Watany wasp edýän aýdym-sazlarda hem Watanyň "Arkadag" bilen beýikligi mahabatlandyrylýar.

Halk döredijiligimiz bolan läleler, monjugatdylar, küştdepdiler hem döwrebaplaşdyrylyp, bu žanrlarda hem döwlet baştutany aşa öwülýär. Asyrlarboýy kämilleşen folklor sazlarymyzyň öňki halk döredijiliginiň çeper goşgy setirleriniň sözleri aýrylyp, prezidenti mahabatlandyrýan goşgular aýdym edilip aýdylýar. Şeýlelikde, edil Nyýazow döwründäki ýaly çeper döredijiligiňem, aýdym-saz sungatymyzyňam baş döredijilik çeşmesi ýene döwlet baştutanyna öwrüldi.

Ýaranjaňlyk

Türkmen mediasynda döwlet baştutanyny alkyşlaýan, ony taýsyz beýik ynsan hökmünde wasp edýän goşgular, aýdym-sazlar toplumy barmak büküp sanardan köp, ýöne ol "döredijiligiň" kämilligi şübhe astynda, subutnamasyz, gönümel öwgüleri, stil taýdan sazlaşmaýan setirleri bu "çeper döredijilige" göz gezdiren ýerleriňden tapmak mümkin. Döwlet gözegçiligindäki çeper döredijilikde kämillik däl-de, dabaraly öwmeşek ölçeg edilene meňzeýär.

Klassyk şahyrlarymyzyň diňe yşky-liriki goşgularynyň sözlerine aýdym aýdylyp, olaryň durmuşy we sosial deňsizlik temasyndan ýazylan goşgularynyň sözlerine aýdylýan aýdymlar türkmen efirinde berlenok. Umuman, döwlet syýasatyndaky türkmen medeniýetiniň-sungatynyň ähli ugurlarynda birtaraplaýyn, ýaranjaňlaryň emele getiren "öwmek" žanry adat boldy. Ýaranjaňlaryň emele getiren, döwlet syýasatynyň goldaýan medeniýetinde-sungatynda, çeper döredijiliginde haýsydyr bir ideýa-maksada gulluk etmek ýok, olarda döwlet başyna gelen islendik ýolbaşçyny taýsyz mahabatlandyryp, öz hususy bähbitlerini aramak bar.

Şol sebäpli, Nyýazowy aşa öwen, onuň "pygamberligine, beýikligine" tagzym eden, hatda diktatordan soň ýaşamazlyga kasam eden ol ýaranjaňlar, hiç hili ikirjiňlenmezden, häzirki döwlet baştutanyny hem mahabatlandyryp başladylar. Emma olaryň "medeniýetem, döredijiligem" syýasat üýtgemese-de, diňe hökümet çalşanda-da, şol bada ýitip, ýok bolýar. Bu bolsa döwletiň öňe sürýän, ýaranjaňlaryň emele getiren mahabatlandyrmalarynyň halk medeniýeti-sungaty, çeper döredijiligi bilen dahylynyň ýokdugyny aňryýany bilen subut edýär.

Bu günki gün türkmen medeniýeti-sungaty ýaranjaňlaryň "döredijiliginiň" zor salmagy netijesinde öz ýüzüni görkezip bilenok. Ýöne halkyň bar ýerinde onuň bilen medeniýetem-sungatam bütewilikde ýaşaýar. Şonuň üçin türkmen medeniýetiniň döwlet goldawynda bolmasa-da, halkymyzyň gorkuda ýaşaýandygyna garamazdan, bu döwür hakynda hakyky medeniýeti-sungaty, çeper döredijiligi emele getirip, ony bu gün bolmasa, ertir äleme ýaýjakdygyna şübhelenmese bolar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG