Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň harbylary Liwan serhedine tarap süýşýär


Siriýanyň harbylary ýurduň Liwan bilen serhedine golaýlady.

Adam hukularyny goraýjylaryň berýän maglumatyna görä, Siriýanyň Kseir şäherinde hökümet güýçleriniň parahat ilata garşy ýowuz daramagy sebäpli, “ýüzlerçe” adam serhetden Liwana aşmaga mejbur bolupdyr.

Soňky hepdeleriň dowamynda 12,000 töweregi siriýaly Türkiýä gaçypdy.

Şu gün oppozisiýanyň liderleri Damaskda duşuşyk geçirip, Siriýada mart aýyndan bäri dowam edip gelýän “syýasy krizisden çykmagyň ýollaryny” maslahat edýärler.
XS
SM
MD
LG