Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafini tussag etmek barada höküm çykaryldy


Şu gün Halkara sudy Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafini tussag etmek barada höküm çykardy.

Halkara sudy ony ynsanýete garşy jenaýat etmekde we parahat ýaşaýjylara garşy hüjüm etmeklige görkezme bermekde günäli tapdy.

Mundan daşary, Halkara sudy Kaddafiniň ogly Seýf al-Islamy we ýurduň razwedka gullugynyň başlygy Abdullah al-Senussini Muammar Kaddafiniň režiminiň opponentlerini öldürmekde we olary bikanun yzarlamakda günäli diýip tapdy hem-de olaryň ikisini-de tussag etmelidigi barada karar çykardy.

Liwiýanyň oppozision Milli geçiş geňeşi Halkara sudunyň bu kararyny hoşallyk bilen garşy aldy.
XS
SM
MD
LG