Sepleriň elýeterliligi

Dörtlemeler


Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat














Jahana barabar kime dar tünek,
Kim üçin giň jahan tünekdenem dar.
Bu durmuşda çykalgasyz ýagdaý ýok,
Bu durmuşda çykalgasyz adam bar.

***
Her gowakda arlan şir bolup bilmez,
Her selle oranan pir bolup bilmez.
Mätäje wagtynda el uzatmasaň
Soňra giç bolsa bor, ir bolup bilmez.

***
Kän eşitdim, ilçilikde bir gep bar:
«Ýalňyşanok diňe hiç zat etmeýän».
Hiç zat etmän ýatmak ýalňyş-a eýýäm,
Bu gün ýokdur oňa akly ýetmeýän.

***
Çemçe kiçi bolýa, susak ber oňa,
Piliň kiçijegnem oň özi saýlar.
Azara-da galmaň gepletjek bolup:
Ajygsa gan aglar, doýursaň saýrar.

***
Bolmajak söwdany bes edeý, asman,
Saňa jogap berýen iň soňky gezek.
Ýok, perişdäm, senem gözüň çarhlama,
Ruhum entejikler özüme gerek.
XS
SM
MD
LG